Turkmenportal logo
02.06.23
3907339073
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde döwlet synaglary başlandy
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde döwlet synaglary başlandy

Düýn Türkmenistanyň orta mekdeplerinde döwlet synaglaryna badalga berildi. Ilkinji synag türkmen dili we edebiýaty dersinden düzme ýazmak boýunça boldy.


«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, munuň üçin uçurymlara Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan üç sany tema berildi. Olar


― «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly — täze menzilleriň gözbaşy»,


― «Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde perzent terbiýesi»,


― «Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda ylym-bilime goýulýan sarpa» diýen temalardyr.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde döwlet synaglary başlandy | Turkmenportal.com