Turkmenportal logo
31.05.23
3241532415
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça guralan internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglanyldy
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça guralan internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglanyldy

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça guralan internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.


Internet olimpiadasyna Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň 11-sinden talyplaryň 120-den gowragy gatnaşdy.


Ýaryşda birinji orna 8 sany gatnaşyjy mynasyp bolup, olaryň ählisi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarydyr:


Abdyleziz Saryýew,


Enejan Açilowa,


Serwi Nuryýewa,


Saida Halmamatowa,


Begli Ataýew,


Kemal Annagurbanow,


Amangül Nurjanowa,


Derkarberdi Orazberdiýew.


Internet olimpiadasynda 7 sany gatnaşyjy ikinji orna mynasyp boldy. Olaryň 6-sy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, ýene biri bolsa Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.


Üçünji orna bolsa 41 talyp mynasyp boldy.


Internet olimpiadasynyň ýeňijilerine we baýrakly orunlary eýelänlere guramaçylar tarapyndan degişli derejelerdäki diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Şeýle-de, 41 sany talyp höweslendiriji baýraklara laýyk görüldi.