Turkmenportal logo
27.05.23
2624326243
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bakuda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan maslahatlaşmalary geçirildi
Bakuda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan maslahatlaşmalary geçirildi

Anna güni Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan maslahatlaşmalary geçirildi. Çäre Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy.


Taraplar özara gyzyklanýan birnäçe konsullyk meselelerini, kanuny düzgünleri, Azerbaýjanda okaýan türkmen talyplary baradaky soraglary we başgalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.


Şeýle hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň migrasiýa hyzmatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi göz öňünde tutuldy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, duşuşygyň netijesinde konsullyk maslahatlaşma Teswirnamasyna gol çekildi.