Turkmenportal logo
23.05.23
3080730807
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Rolan Garrosyň» bu ýylky baýrak gaznasy belli boldy

Tennis boýunça dünýädäki dört «uly tuwulganyň» biri bolan «Rolan Garros» turniriniň bu ýylky baýrak gaznasy mälim edildi. Ýaryş bu ýyl 28-nji maýdan 11-nji iýun aralygynda geçiriler.


Guramaçylar tarapyndan berlen maglumata laýyklykda, bu ýyl ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 12,3 göterim artyp, 49 million 600 müň ýewro barabar boldy.


Turniriň tertipnamasyna laýyklykda, ýekelikdäki ýaryşda pul baýraklary şu aşakdaky görnüşde kesgitlenildi:


Çempionlar — 2 300 000 ýewro
Finalçylar — 1 150 000 ýewro
Ýarym finalçylar — 630 000 ýewro
Çärýek finalçylar — 400 000 ýewro
Dördünji tapgyryň gatnaşyjylary — 240 000 ýewro
Üçünji tapgyryň gatnaşyjylary — 142 000 ýewro
Ikinji tapgyryň gatnaşyjylary — 97 000 ýewro
Birinji tapgyryň gatnaşyjylary — 69 000 ýewro


Guramaçylar üç tapgyrdan ybarat bolan saýlama oýunlary üçin berilýän pul baýraklaryny hem 11,8 göterim köpeltdiler. Hususan-da, saýlamanyň birinji tapgyrynda ýaryşy tamamlanlara 16 000, ikinji tapgyrynda 22 000, üçünji tapgyrynda bolsa 34 000 ýewro pul töleniler.


Mundan başga-da, jübütleriň arasyndaky çempionlar 590 000 ýewrodan, gatyşyk jübütleriň arasyndaky çempionlar bolsa 122 000 müň ýewrodan pul alarlar.