Turkmenportal logo
22.05.23
3134831348
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň U-20 ýaşlar ýygyndysy CAFA-2023-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi

Düýn Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi.


Duşenbe şäherindäki SSKA stadionynda geçirilen duşuşykda türkmenistanly futbolçylar Owganystanyň ýaşlar ýygyndysyndan 1:2 hasabynda asgyn geldiler.


Şeýle hem düýn Özbegistanyň ýygyndysy Eýrany 3:2 hasabynda ýeňdi.


Ýaryş şu gün 2-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam eder. Olar Türkmenistan bilen Özbegistanyň, Owganystan bilen Täjigistanyň ýaşlar ýygyndylary güýç synanyşar.


Ýaryşyň bir aýlaw görnüşinde Täjigistanyň Duşenbe we Tursunzade şäherlerinde geçirilýändigini ýatladýarys.