Turkmenportal logo
17.05.23
1966019660
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝTÖB: 2024-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 7 göterime ýeter
Surat: turkmenistan.gov.tm

2024-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2022-nji (6,2 göterim) we 2023-nji (6,5 göterim) ýyllardaky görkezijiden ýokary bolar. Has takygy, geljek ýylda ýurtda JIÖ-niň ösüşi 7 göterim bolar diýlip çaklanylýar. Bu barada Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) maý aýynda neşir eden «sebitleýin ykdysady öňegidişlikler» atly hasabatynda beýan edilýär.


Hasabatda bellenilişine görä, Türkmenistan 2024-nji ýylda hem Merkezi Aziýada JIÖ-niň ösüşi boýunça öňdebaryjy döwletleriň biri bolar. Has takygy, öňümizdäki ýylda sebitiň döwletleriniň arasynda diňe Gyrgyz Respublikasynda we Türkmenistanda JIÖ-niň ösüşi 7 göterim ýada şondan ýokary derejede bolar diýlip hasaplanylýar.


Mundan başga-da, Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky esasy energetika kuwwatyny özünde jemleýändiginiň, şeýle-de ýurduň üstünden geçýän üstaşyr ýükleriň artýandygynyň geljek ýylda JIÖ-niň ösüşiniň has ýokarlanjakdygyna ynam döredýändigi nygtalýar. Muňa mysallar hökmünde 2022-nji ýylda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstünden geçýän ýükleriň 2,5 esse artandygy, netijede Türkmenistanyň Hytaýyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýäniň we Günorta Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryndaky ornuny has pugtalandyrandygy getirilýär.