Turkmenportal logo
12.05.23
2358423584
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze guýudan nebitiň bol akymy alynýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň burawlaýjylary uglewodorod çig mallaryna baý ýataklarda täze guýulary gazyp, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda we önümçilige tabşyrmakda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýylyň 20-nji aprelinde konserniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginde gazuw işleri tamamlanan täze — 392-nji guýudan çüwdürim esasynda bol nebit akymynyň alynmagy hem muny doly tassyklaýar.


«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda burawlanan täze guýuda gazylan dag jynslarynyň çuňlugy 4 müň 740 metre ýetende, aşaky gyzyl reňkli ýedinji gatlakdan «gara altynyň» bol çüwdürimi alyndy. Guýynyň her gije-gündizde berýän nebiti 57 tonnadan hem geçýär.


Bu guýy gazylýarka, taslama çuňlugyna ýetilýänçä, ýene-de birnäçe nebitli gatlaklaryň hem üstünden baryldy. Munuň özi ýokarky gatlaklardaky nebiti hem almak bilen, guýynyň ulanyş möhletiniň 15 — 20 ýyla çenli dowam etjekdigini aňladýar. Guýynyň çüwdürim esasynda önüm berýändigi ykdysady taýdan juda peýdalydyr.