Turkmenportal logo
11.05.23
2268622686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy artdy
Surat: newscentralasia.net

«Sinhua» habar gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Hytaýyň daşary söwdasy depginli ösüş görkezdi. Hususan-da ýurduň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy artdy diýlip, habarda bellenilýär.


«UzDaily.uz» elektron neşirinde habar berilmegine görä, Hytaýyň Merkezi Aziýanyň bäş döwleti — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bilen söwdasy 37,4% ýokarlandy.


Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý ozal Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdanyň 2022-nji ýylda 70,2 milliard dollara ýetendigini, munuň bolsa 31 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründäki söwdadan 100 esse köpdügini habar berdi.


Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri, şol sanda serhetüsti elektron söwdany ösdürmegiň geljegi 18-19-njy maýda Sian şäherinde geçiriljek «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammitinde ara alnyp maslahatlaşylar.