Turkmenportal logo
10.05.23
5167251672
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serhio Buskets möwsüm tamamlanansoň «Barselona» bilen hoşlaşar

Ispaniýaly ýarym goragçy Serhio Buskets şu möwsüm tamamlanansoň «Barselona» bilen hoşlaşjakdygyny mälim etdi. Bu barada TASS klubyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.


«Hoşlaşmak üçin wagt geldi. Bu möwsüm meniň «Barselonadaky» ahyrky möwsümim bolar. Men bu köýnekçäni geýmegi çagalykdan arzuw edýärdim. Arzuwlarym hasyl boldy, 15 ýyllap çykyş eden toparymda kapitanlyga çenli göterildim. Men ähli mümkinçilikler üçin hemmelere ― tälimçilerime, lukmanlara, topardaşlaryma, janköýerlere, elbetde, maşgalama» tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin» diýip, çeşme onuň aýdanlaryny getirýär.


34 ýaşly Buskets «Barselonada» 2008-nji ýyldan bäri futbol oýnap gelýär. Ol toparda 719 duşuşykda 18 gezek tapawutlanyp, 45 goluň assistini berdi.