Turkmenportal logo
10.05.23
1963919639
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomatlary Ýeňiş güni mynasybetli Berlindäki Treptow-park ýadygärligine gül goýdular
Türkmen diplomatlary Ýeňiş güni mynasybetli Berlindäki Treptow-park ýadygärligine gül goýdular
Surat: germany.tmembassy.gov.tm

Türkmen diplomatlary Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli sişenbe güni Berlindäki Treptow-park diýlip atlandyrylýan sowet esgeriniň ýadygärligine gül goýdular. Bu barada TASS habar berýär.


Türkmenistanly diplomatlar bilen bir hatarda Russiýanyň, GDA, Aziýa we Afrika ýurtlarynyň birnäçesiniň diplomatlary, Berliniň ýaşaýjylary we myhmanlary, žurnalistler däp bolan sowet esgeriniň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar.


Ýeri gelende bellesek, her ýylyň 9-njy maý senesinde müňlerçe adam 9-njy 1945-nji ýylda Berlin üçin alnyp barylan söweşde wepat bolan Sowet Soýuzynyň esgeriniň ýadygärligine gelýärler.