Turkmenportal logo
06.05.23
3086630866
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan eýran almasyny import etmekde öňdäki orunlarda

2022-nji ýylyň mart aýyndan 2023-nji ýylyň martyna çenli (Eýran senenamasy boýunça soňky bir ýylyň dowamynda) Türkmenistan eýran almasyny iň köp satyn alan ýurtlaryň biri boldy.


Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň berýän habaryna görä, soňky bir ýylyň dowamynda ýurtda ýetişdirilen almalaryň aglaba bölegi Türkmenistan, Ermenistan, Özbegistan, Owganystan, BAE, Beýik Britaniýa, Belarus Respublikasy, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Azerbaýjan, Siriýa, Ýaponiýa, Şri-Lanka, Yrak, Oman, Russiýa Federasiýasy, Gyrgyzystan, Gazagystan, Katar, Kuweýt, Liwiýa, Liwan we Malaýziýa ýaly ýurtlara eksport edildi. Hasabat döwründe Eýranyň alma eksportynyň pul möçberi 215,9 million amerikan dollaryna, ýük mukdary bolsa 62,6 müň tonna deň boldy.


Şeýle-de çeşme Eýranyň Oba hojalyk ministrligine salgylanyp, soňky bir ýylda eksport edilýän almanyň bir kilogramynyň ortaça bahasynyň 28 sent bolanlygyndan, 34 sente çenli gymmatlandygyny habar berdi.