Turkmenportal logo
04.05.23
4244642446
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Kras-Logistics» Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär
«Kras-Logistics» Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýärSurat: kras-logistics.com

Germaniýanyň «Kras-Logistics» transport kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirilýär. Muny «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen «Kras-Logistics GmbH»-iň baş müdiri Haýnrih Waal mälim etdi.


«Kras-Logistics» 15 ýyldan gowrak wagt bäri Germaniýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş ýük agenti bolup çykyş edýär.


Waalyň pikiriçe «Türkmenhowaýollary» agentliginiň we «Kras-Logistics» guramasynyň geljegi we mundan beýläkki ösüşi çyzykly meýilnamanyň giňelmegi we ugurlaryň sanynyň köpelmegi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.


Waalyň sözlerine görä, «Kras-Logistics» transport çykdajylaryny azaltmaga we «Türkmenhowaýollary» bilen hyzmatdaşlygy has netijeli etmäge kömek etjek täze tehnologiki çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik tapdy.


«Kras-Logistics»-iň häzirki wagtda Dubaýda, Parižde, Londonda we Moskwada şahamçalary bar. Kompaniýanyň baş ofisi Maýn boýundaky Frankfurtda ýerleşýär.