Turkmenportal logo
04.05.23
2395923959
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdan Türkmenabada uzaýan awtobanyň ugrunda kuwwatly köprüleriň birnäçesi gurulýar

«Türkmenistan» gazetinde şu gün çap edilen makalada Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan köprüler barada maglumat berildi.


Neşiriň ýazyşy ýaly, inženerçilik-tehniki çözgütlere görä, dürli ölçegdäki köprüleriň sany awtobanda kän.


Olar


  • · Aşgabat — Mary demir ýolunda,
  • · Şatlyk — Jojukly awtomobil ýolunda,
  • · Aşgabat — Mary M-37 awtomobil ýolunda,
  • · Mary — Serhetabat awtomobil ýolunda,
  • · Ýolöten — «Agzybirlik» daýhan birleşigi awtomobil ýolunda,
  • · Türkmengala — Ýolöten awtomobil ýolunda,
  • · Mary — Türkmenabat demir ýolunda,
  • · Mary — Türkmenabat awtomobil ýolunda gurlar.

Iň çylşyrymly hem kaşaň desgalar trampet-aýlawly ýolly, aşagyndan hem-de üstünden geçilýän köprüler bolar. Trampet ikinji tapgyrda Maryda, Ýolötende guruldy. Şeýle hem Garagum derýasynyň üstünden köpri gurlar. Tehniki dilde «PK 3» diýlip atlandyrylýan köprüler-de peýda bolar.