Turkmenportal logo
03.05.23
2129121291
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: 4-nji maýda 5-nji tapgyra badalga berler
TÝL ― 2023: 4-nji maýda 5-nji tapgyra badalga berler

Ertir ― 4-nji maýda Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler.


Tapgyryň birinji gününde Aşgabat derbisi geçiriler. Onda «Köpetdag» «Altyn asyry» kabul eder. Häzir 9 utukly «Köpetdag» ikinji, 7 utukly «Altyn asyr» bolsa üçünji orny eýeleýär. TFF duşuşygyň «Aşgabat» stadionynda geçiriljekdigini we onuň öýlän sagat 17-de başlanjakdygyny habar berdi. Duşuşygyň baş emini Çarymyrat Gurbanow bolar.


Şol gün Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» «Ahaly» kabul eder. Geçen möwsümde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ikisi hem täze möwsümde garaşylanyndan pes netijäni görkezýärler. «Ahal» bary-ýogy bir gezek ýeňiş gazanyp bilen bolsa, «Şagadama» heniz deňme-deň oýnamak hem başardanok. «Şagadam» stadioonynda geçiriljek duşuşyk 4-nji maý güni sagat 17:30-da başlanar. Duşuşygyň baş emini Resul Mämmedow bolar.


Ýaryşyň lideri «Arkadag» futbol topary 5-nji maý güni «Aşgabat» futbol toparynyň myhmany bolar. «Nusaý» stadionynda geçiriljek duşuşyk öýlän sagat 17:00-da başlanar. Onuň baş emini balkanabatly Ş.Hydyrow bolar.


Tapgyr anna güni geçiriljek «Nebitçi» ― «Energetik» duşuşygy bilen tamamlanar. Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriljek duşuşyk sagat 18:15-de başlanar. Duşuşygyň baş emini Akmyrat Gurbanow bolar.


Mary şäheriniň «Merw» futbol topary 5-nji tapgyrda dynç alar.