Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Jemal Nuryýewna Toryýewa «Diýar» žurnalynyň baş redaktory wezipesine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Ýagmyr Nuryýew «Diýar» žurnalynyň baş redaktory wezipsinden boşadylyp, «Türkmenistan» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilipdi. Ý.Nuryýew «Diýar» žurnalyna iki ýyl ýolbaşçylyk etdi.

