«Mançester Ýunaýted» Angliýanyň Kubogynyň ýarym finalynda oýundan soňky 11 metrlik urgular boýunça «Braýtony» ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk London şäherindäki «Uembli» stadionynda geçirildi.
Oýnuň esasy we goşmaça wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularda bolsa «Mançester Ýunaýted» 7:6 hasabynda garşydaşyndan rüstem geldi.
Ýaryşyň birinji ýarym final jübütinde «Mançester Siti» alžirli hüjümçi Riýad Mahreziň het-trigi arkaly «Şeffild Ýunaýtedi» 3:0 hasabynda ýeňdi. Üns bermeli esasy zat, Hosep Gwardiolanyň şägirtleri finala çenli öz derwezelerine ýekeje-de gol geçirtmediler. Bäsleşigiň taryhynda şeýle ýagdaý 1965/66-njy ýyldaky möwsümden bäri ilkinji gezek gaýtalanýar.
Angliýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş 1871-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Bu ýaryş futbol taryhyndaky iň ilkinji tunirleriň biri bolup, şu ýyl onuň finalynda ilkinji gezek Mançester derbisi bolup geçer.
Angliýanyň Kubogynyň şu ýylky finaly 3-nji iýunda «Uembli» stadionynda geçiriler.
