Turkmenportal logo
26.03.23
2160921609
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň taekwondo ITF ýygyndysy Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda 19 medal gazandy
Türkmenistanyň taekwondo ITF ýygyndysy Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda 19 medal gazandy

Taekwondonyň ITF görnüşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda diýseň üstünlikli çykyş etdi.


Sebit ýaryşyna Türkmenistandan 13 türgen gatnaşyp, olar özleriniň sanyndan hem ep-esli kän medal bilen Watana dolandylar. Has takygy, türkmen taekwondoçylary Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda 19 medala mynasyp boldular. Çempionata Özbegistandan 250, Gazagystandan 140, Gyrgyz Respublikasyndan 75, Täjigistandan 54 türgeniň gatnaşandygyny nazarda tutsak, munuň özi örän uly netijedir.


Şunda gazanylan medallaryň deň ýaryndan gowragynyň ― 10-synyň altyn medaldygyny aýratyn nygtamak gerek. Şeýle hem türkmen türgenleri kümüş medallaryň 2-sine, bürünç medallaryň bolsa 7-sine mynasyp boldular.


Üç günläp dowam eden çempionatyň eýýäm ilkinji gününde türkmenistanly taekwondoçylar 8 medal gazanmagy başardylar. Şolaryň deň ýarysy ― dördüsi altyn medal boldy.


Has takygy, şol gün ýekelikdäki tul görnüşinden Ýalkap Köşüliýew (ýetginjekleriň arasynda altyn medal), Mähri Agaýewa (zenanlaryň arasynda altyn medal), Annamyrat Goşanyýazow (erkekleriň ýaryşynda altyn medal), Orazmyrat Çaryýew (erkekleriň ýaryşynda kümüş medal), Daýançmyrat Gaýypow (ýetginjekleriň arasynda bürünç medal), Goşanyýaz Durdyýew (erkekleriň ýaryşynda bürünç medal) we Sapar Myradow (erkekleriň ýaryşynda bürünç medal) dagy hormat münberine çykdylar. Şeýle hem şol gün tul boýunça türkmen ýygyndysy altyn medala mynasyp boldy.


Ýaryşyň ikinji gününde türkmen türgenleriniň medallarynyň sany 10-a tegelendi. Has takygy, şol gün ýetginjekleriň arasynda tutluşykda we sparringde Ýalkap Köşüliýew hem-de Daýançmyrat Gaýypow hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykyp, türkmen ýygyndysynyň altyn medallarynyň sanyny 6-a çykardylar.


Iki günde 10 medal gazanan türkmen türgenleri ýaryşyň jemleýji gününde ýene 9 medalyň eýesi boldular. Şol Mähri Agaýewa, Orazmuhammet Ustaýew dagylar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar. Şol Goşanyýaz Durdyýew kümüş, Annamyrat Goşanyýazow, Sapar Myradow, Amanberdi Agajanow dagylar bolsa bürünç medal eýelediler. Şeýle hem ýaryşyň jemleýji gününde Türkmenistanyň taekwondo ITF boýunça erkekler hem-de zenanlar ýygyndylary görkezme çykyşlary boýunça altyn medallaryň ikisini gazandylar.