Turkmenportal logo
18.03.23
4555345553
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilerPhoto: social networks of the Embassy of Turkmenistan in the Republic of Kazakhstan

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport ministriniň orunbasary Nurkis Dauşow bilen duşuşdy


Duşuşykda taraplar şu ýyl Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, şeýle-de beýik türkmen akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmek boýunça pikir alyşdylar. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasy sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.


Mundan başga-da ilçi B.Rejepow bilen N.Dauşow Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda Abaý Kunanbaýewiň we Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerini gurmak baradaky görkezmelerinden gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hem pikir alyşdylar.