Turkmenportal logo
17.03.23
2199421994
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýyllyk mejlisine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýyllyk mejlisine gatnaşdy

17-nji martda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň ýyllyk mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow wekilçilik etdi. Bu barada GDA-nyň resmi saýtynda habar berilýär.


Mälim bolşy ýaly, bu çäre, adatça, GDA-nyň Halkara ykdysady forumy bilen bir wagtda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýyl Arkalaşyga agza ýurtlaryň işewür we hökümet wekilleri 97-nji gezek Moskwa ýygnandylar. Bu gezekki forum 17-nji martda Gyrgyzystanyň ýolbaşçylyk etmegine Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde geçirildi, Ilki bilen, çäkli düzümde wekiliýetleriň mejlisi geçirildi. Soňra giňişleýin düzümde GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, işewürlik, söwda we senagat meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Geňeşiň wekilleri oba hojalyk toplumynda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň özara söwdanyň göwrümini ýokarlandyrmakda, üçünji ýurtlaryň bazarlaryna girmekde, Arkalaşygyň giňişliginde azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň dünýä bazarlaryndaky orunlaryny berkitmekde uly ähmiýete eýedigi bellenildi.


Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary innowasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, döwlet innowasiýalaryny täjirleşdirmek, täze tehnologiýalary ösdürmek we ylmy tejribe alyşmak üçin şertler döretmek boýunça degişli merkezleriň alyp barýan işleri barada pikir alşyldy.


Duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi.