Turkmenportal logo
15.03.23
3526435264
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilkinji ministrler mejlisiniň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi

2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda gibrid görnüşinde geçirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilkinji ministrler mejlisiniň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 7-nji sessiýasynyň Gün tertibiniň «Parahatçylygy döretmek we parahatçylygy goldamak» diýlip atlandyrylan 58-nji maddasyna laýyklykda kabul edilen bu resminama guramanyň resmi dilleriniň ählisinde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, degişli resminamada 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýörelgelerini özünde jemleýär.