Turkmenportal logo
02.03.2023
2356923569
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýanyň kubogynyň ýarym finalynda «Real» «Barselonany» kabul eder

Futbol boýunça Ispaniýanyň kubogynyň ýarym finalyndaky ilkinji duşuşyk şu gije Madrid şäherindäki «Santýago Bernabeu» stadionynda geçiriler. Onda «Real» ezeli garşydaşy «Barselonany» kabul eder.


Bu duşuşyga Türkmenistandan tomaşa edip boljak çeşmeleriň biri Russiýanyň «Matç TW» teleýaýlymydyr. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen gije sagat 01-de başlanar.


«Gaýmakreňkliler» ýarym finala çenli «Kaserenýony», «Wilýarrealy», «Atletikony», «Barselona» bolsa «Intersitini», «Seutuny» we «Real Sosýedady» ýaryşdan çykardy.