Turkmenportal logo
27.02.23
2648826488
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mejlisiň Başlygy Gwatemalanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Mejlisiň Başlygy Gwatemalanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dewid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.


Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Gwatemala Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.


Duşuşygyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Merkezi Amerika döwletleri bilen netijeli özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.


Şeýle-de Gwatemalanyň ilçisi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly ägirt uly özgertmeler hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki aýratyn ähmiýetli milli we halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.


Geljegi uly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gwatemalanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle-de parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.


Diplomat türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, ilçi hökmünde umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.