Turkmenportal logo
23.02.23
3003830038
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha Bruneý-Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bruneý-Darussalam Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.