Turkmenportal logo
22.02.23
2961029610
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekilýeti Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» işewürler dialogyna gatnaşdy

Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Ýaponiýanyň ROTOBO assosiasiýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» işewürler dialogy geçirildi.


21-nji fewralda geçirilen Dialogyň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaponiýadaky ilçileri, Merkezi Aziýa döwletleri bilen döredilen Ykdysady komitetleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Dialogda çykyş edip, iki ýurdyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýn ugurlary, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlerini alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler barada habar berdi we çärä gatnaşan kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.