Turkmenportal logo
17.02.23
3685636856
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan ýanwar aýynda 2,3 müň türkmen syýahatçysyny kabul etdi
Özbegistan ýanwar aýynda 2,3 müň türkmen syýahatçysyny kabul etdi

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji onluga girdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet statistika agentligi habar berýär.


Habar bellenilişine görä, şu ýylyň ilkinji aýynda 2,3 müň türkmenistanly syýahat etmek maksady bilen, Özbegistanda boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan degişli döwürde Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany babatda ýedinji orny eýeledi.


Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Özbegistan jemi 423,7 müň syýahatçyny kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,5 esse köpdür.


Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça Täjigistan (139,6 müň), Gazagystan (116,6 müň), Gyrgyzystan (103,2 müň), Russiýa Federasiýasy (41,9 müň) we Türkiýe 6,7 müň) döwletleri öňdäki bäşlikden ýer aldylar.