Turkmenportal logo
14.02.23
3240632406
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Özbegistana banan eksport etmekde öňdäki üçlükden ýer aldy

Türkmenistan 2022-nji ýylda Özbegistana iň köp banan eksport eden döwletleriň hataryndan orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet statistika agentligi habar berýär.


Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Türkmenistan 345 tonna banany Özbegistana eksport etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistana banan eksport etmekde üçünji döwlet boldy. Bu ugurda birinji orna Ekwador (138 ,9 müň tonna), ikinji orna bolsa Gazagystan (426 tonna) ýerleşdi.


Ýeri gelende bellesek, hasabat döwründe Özbegistan umumy bahasy 63,4 million amerikan dollaryna deň bolan 140,2 müň tonna banany import edipdir. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 157% ýokarydyr.