Turkmenportal logo
13.02.23
5200452004
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkiýede ýertitremesinde ejir çekenler üçin galyň gyş ýorganlary (odeýalo) ýygnalar

14-nji fewralda, sagat 13:00-dan 17:00-a çenli, Aşgabatdaky Türkiýäniň Wiza ýüz tutuş merkezi ýurduň günorta-gündogaryndaky weýrançylykly ýertitremelerinde ejir çekenler üçin haýyr-sahawat maksatly beriljek zatlary kabul eder. Muny Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Twitter hasabynda mälim etdi.


Häzirki wagtda ynsanperwerlik kömegi üçin galyň gyş ýorganlary (odeýalo) zerurdyr.


Habarda: «14-nji fewralda ýertitremesinde ejir çekenlere kömek etmek üçin iberilen ýorgan bilen ýakynlaryňyzyň ýüregini ýyladyň» diýilýär.


Möhüm! Ýorganlar täze we selofan bilen örtülen bolmaly.



Ýygnaýyş nokady şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, G. Kulyýew, 88.


Türkiýede ejir çekenlere başga nädip kömek edip bilersiňiz?


Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habaryna görä, ejir çekenlere maddy taýdan kömek etmek isleýänler üçin «Türkmen-Türk» paýdarlar täjirçilik bankynda ýörite hasap açyldy.


  • ABŞ-nyň dollarynda ýörite haýyr-sahawat hasaby
  • «Türkmen-Türk» paýdarlar täjirçilik banky (Aşgabat, Türkmenistan)
  • Hasap: 23203840273172101909000

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýedi baldan gowrak ululykda iki ýertitremesi boldy. Weýrançylykly ýertitremesi goňşy ýurtlarda, şol sanda Siriýa, Liwan, Kipr we Yrakda-da duýuldy. Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaý dolandyryş edarasynyň (AFAD) habaryna görä, şu wagta çenli aradan çykanlaryň sany 31 müň 643 adam bolup, 80 müň 278 adam ejir çekdi. 6444 bina ýykyldy.