Turkmenportal logo
11.02.23
3305433054
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mahaçýew Wolkanowski bilen çempionlyk tutluşygyny geçirer
Mahaçýew Wolkanowski bilen çempionlyk tutluşygyny geçirer

UFC-niň ýeňil agram derejesiniň russiýaly wekili Islam Mahaýçew 11-nji fewral güni awstraliýaly Aleks Wolkanowski bilen tutluşyk geçirer. UFC 284-iň çägindäki bu tutluşyk Awstraliýanyň Pert şäherinde bolar.


Ozal Wolkanowski 66 kilogram, Mahaçýew bolsa 70,7 kilogram gelipdi.


31 ýaşly Mahaçýew 2015-nji ýyldan bäri 23 gezek ýeňiş gazandy, 1 gezek ýeňildi. Ol geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda wekilçilik edýän agram derejesiniň çempionlygy ugrundaky göreşde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňipdi. 34 ýaşly Wolkanowski hem agram derejäniň çempiony boldy. Onuň hasabynda 25 ýeňiş, bir utulyş bar.


Tutluşyga Russiýanyň «Матч! Боец» we «Матч!» teleýaýlymlary arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bolar. Ýaryşyň özi Aşgabat wagty bilen daňdan 4-de, Mahaçýew ― Wolkanowski tutluşygy bolsa irden 8-de başlanar.