Turkmenportal logo
07.02.23
3735137351
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rio-De-Janeýroda şagalaňa taýýarlanýarlar
Rio-De-Janeýroda şagalaňa taýýarlanýarlarSurat: iz.ru

Braziliýada öňde duran karnawala taýýarlyk görýärler. Bu ýyl meşhur reňme-reň baýramçylyga jahankeşdeleriň 80 müňden gowragynyň gelmegine garaşylýar, ol Rio-De-Janeýroda geçer. Dabaranyň ýerli ykdysadyýet üçin düşewüntli boljakdygyna umyt edilýär diýip, «Habar 24» ýazýar.


Jahankeşdelik kompaniýalarynyň hasaplamalaryna görä, girdeji 900 million dollardan gowrak bolup biler. Bu pandemiýadan öňküden birnäçe esse ýokarydyr. Mysal üçin, 2020-nji ýylda Braziliýadaky karnawala 55 müňden gowrak adam gatnaşdy. 2021-nji ýylda ol koronawirus keseli bilen baglylykda, gadagan edildi.


Şagalaň bu ýyl 17-28-nji fewralda geçer.