Turkmenportal logo
25.01.23
3218432184
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG: Halkara jahankeşdeligi 2023-nji ýylda dikeler
Surat: fesrus.ru

Ýewropada we Ýakyn Gündogarda halkara jahankeşdeligi eýýäm şu ýylda pandemiýadan öňki ýagdaýyna dolanyp geler hem-de 80-den 95 göterime deň bolar. Bu barada Bütindünýä jahankeşdelik guramasynyň bilermenleri habar berdi diýip, «Habar 24» ýazýar.


Şunda görkezijileriň dünýäde ykdysady ösüşiň haýallamagyna hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki umumy ýagdaýa bagly boljakdygy bellenýär. Eýýäm bu pudakda işjeňlik görünýär. Mysal üçin, Ýakyn Gündogara gelen jahankeşdeleriň sany «COVID-19» ýokanjyndan öňki döwürdäkiniň 85 göterimine deň boldy.


Ýewropada bu görkeziji 80 göterime ýetdi. Afrikada we Günorta Amerikada 65 göterim ösüş hasaba alyndy.