Turkmenportal logo
24.01.23
3540735407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GAR-yň DIM-niň başlygy: Lawrow žurnalistleriň arasynda meşhur
GAR-yň DIM-niň başlygy: Lawrow žurnalistleriň arasynda meşhurSurat: regnum.ru

Günorta Afrika Respublikasynyň DIM-niň başlygy Naledi Pandor Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşykda onuň žurnalistleriň arasynda gaty meşhurdygyny aýdyp degişdi.


Iki ýurduň DIM-niň başlyklarynyň metbugat maslahatyna ýygnanan köp sanly habar beriş serişdeleriniň wekillerini göz öňüne tutan Pandor: «Bizde hiç haçan zalda şeýle köp adam bolmandy» diýdi.


Düýn Lawrow Pretoriýa bardy, ol Afrika yklymy boýunça saparlaryny GAR-dan başlady.


Gepleşikleriň esasy meselesi Russiýa-Afrika ikinji sammitine hem-de ykdysady forumyna taýýarlyk bolar diýlip, habar berilýär. Çäreleriň ikisi hem 26-29-njy iýulda RF-niň Sankt-Peterburg şäherinde geçer. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.