Turkmenportal logo
23.01.23
3583135831
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Buharada Türkmen-Özbek hökümetara komissiýasynyň serheti kesgitlemek boýunça ýygnagy geçirildi

Buharada Türkmen-Özbek hökümetara bilelikdäki komissiýanyň iş toparlarynyň döwletara serheti kesgitlemek meseleleri boýunça ýygnagy geçirildi. Bu «Uzdaily.uz» tarapyndan habar berilýär.


16-njy ýanwardan 21-nji ýanwar aralygynda taraplar Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek boýunça hökümetara toparynyň bilelikdäki mejlisine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.


Şu nukdaýnazardan serhetleri kesgitlemek üçin kadalaşdyryjy-hukuk we tehniki resminamalaryň taslamasy hem-de şu ýyl meýilleşdirilýän iş toparlarynyň ýygnaklarynyň tertibi ylalaşyldy.


Türkmen-Özbek hökümetara toparynyň öňki ýygnagynyň 2019-njy ýylyň dekabrynda Karşide (Özbegistan) geçirilendigini ýatladýarys.