Turkmenportal logo
19.01.23
4220142201
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Photo: tatar-inform.ru

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada «Tatar-inform» Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.


Ozal habar berişimiz ýaly, 18-nji ýanwarda Aşgabada gelen Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň türkmen-rus Işewürler forumynyň umumy mejlisine, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara merkezi bolan Arkadag şäherindäki Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy | Turkmenportal.com