Turkmenportal logo
09.01.23
1657416574
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hünärmen nebitiň ätiýaçlyk gorunyň näçe wagta ýetjekdigini aýtdy
Surat: economics.segodnya.ua

Russiýanyň «Ýewropa Elektrotehnikasy» kompaniýasynyň baş direktory Ilýa Kalenkow «RIA Nowosti» habarlar gullugyna dünýädäki nebitiň hatda «çowluk nesillere» hem ýetjekdigini, şonuň üçin ol tükener diýip biynjalyk bolasy iş ýokdugyny gürrüň berdi.


Ol gazylyp alynýan nebitiň möçberiniň gazyp alyş tehnologiýasyna baglydygyny belledi. Bu gün nebit 3-3,5 kilometr çuňlukdan çykarylýar hem-de bu kada hasaplanýar. Emma mundan kyrk ýyl öň ol bir ýarym kilometrden çykarylýardy we has çuňdaky ýataklar elýetmez hasaplanýardy.


«Adamzadyň hebithimiýany howadan sintezlemegi öwrenmegi bolup biläýjek ýagdaý, şonda nebit gerek bolmaz. Bu diňe geljegiň tehnologiýasynyň işi» diýip, hünärmen belledi.