Turkmenportal logo
01.01.23
3990539905
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň Prezidentine gutlag iberdi
Surat: uzadaily.uz

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Kuba Respublikasynyň Azat edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Kuba Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.