Turkmenportal logo
31.12.22
3266132661
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kosmonawtlar Täze ýyl saçagyny bezeýärler
Kosmonawtlar Täze ýyl saçagyny bezeýärlerSurat: kirov.aif.ru

Halkara kosmos stansiýasynyň ekipažy Täze ýyly doky balygydyr krewetkadan taýýarlanan tagamlar hem-de gara işbil bilen garşylamakçy. Bu barada kosmonawtlar Täze ýyl wideoýüzlenmesinde habar berdiler diýip, «MIR 24» ýazýar.


«Biziň Täze ýyl saçagymyz hiç neneň däl: doky, krewetkalar, gara işbil. Hersinden azrak hem-de konserwirlenen, emma şonda-da bular hoş ýakýar» diýip, kosmonawt Sergeý Prokopýew gürrüň berdi. Ol şeýle-de Täze ýyl saçagy üçin maýonez saklandyklaryny, ondan oliwýe taýýarlamakçydyklaryny aýtdy.


HKS-niň ekipažy üç gün— 31-nji dekabrdan 2-nji ýanwara çenli dynç alar. Emma nobatçy kosmonawtlar welin, öz borçlaryny 1-nji ýanwarda-da ýerine ýetirmeli bolarlar.


Öň russiýaly kosmonawtlaryň HKS-daky öz bölekleriniň içini Täze ýyl baýramy mynasybetli bezändikleri habar berlipdi. Esasy düzgün: ol ýerde hiç hili döwläýjek oýnawaçlar bolmaly däldir.