Turkmenportal logo
29.12.22
2514025140
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistan 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny kabul etmäge çalşar
Photo: tass.ru

Hindistan 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny kabul ediji döwlet bolmak üçin göreşer. Bu barada Westi.ru ýurduň ýaşlar we sport ministri Anurag Singh Thakuryň aýdanlaryna salgylanyp habar berýär.


Thakur Olimpiýa oýunlaryny Ahmadabad şäherinde kabul etmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.


«Men Hindistanyň Milli olimpiýa komitetiniň tekliplerini ýokary guramalaryň makullajakdygyna ynanýaryn» diýip, ministr «Times Of India» neşirine beren interwýusynda aýtdy.


Ol 2032-nji ýylda bu Oýunlary kabul etjek döwletiň eýýäm bellidigini, ýöne Hindistanyň 2036-njy ýyldaky Oýunlar üçin öz dalaşgärligini goýýandygyny aýtdy.