«Altyn asyr» harytşynaslyk merkezi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda özboluşly sowgatlaryň ençemesini halk köpçüligine hödürleýär. Bu barada «Türkmenistan Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, harytşynaslyk merkeziniň dükanynyň dürli bölümlerinde ýokary hilli dokma önümleri bilen doldurylan sowgatlyk sebetler ýerleşdirildi. Bu baýramçylyk toplumlary ýetip gelýän ýylyň nyşany bilen bezelen owadan ýorgan-düşek daşlyklaryny, dürli matalary, şypbyklary we başga-da köp zatlary öz içine alýar. Jaýyň içini bezeýän ýa-da hojalyk işlerinde peýdaly bolup biljek sowgatlar köpçülige hödürlenende bolsa, milli müçenamamyza laýyklykda ýetip gelýän 2023-nji ýylyň nyşanyna öwrüljek Towşanyň rahatlygy we maşgala eşretini gowy görýändigi nazara alyndy.

Dükanda çagalar üçin ýörite taýýarlanylan «Towşanjyklar» atly dokma oýunjaklary, şeýle hem oýnawaç torbajyklary hem görmek bolýar.
«Süýji zatlary halaýanlary begendirmek üçin, torbajygy öz islegiňe görä süýji-kökeden dolduryp bolýar. Süýjüler gutaransoň bolsa, çagada adaty oýunjak ýaly oýnap bolýan torbajyk galar» diýlip, habarda bellenilýär.
Şeýle hem özboluşly sowgatlaryň hatarynda 2022-2023 ýylyň güýz-gyş möwsüminiň modaly önümlerinden bolan açyk reňkli örme, ýüpek we dokma ýaglyklar, şeýle hem daşlar, dürli nagyşlar we ýüpek seçekler bilen bezelen gyňaçlar hem bar.
Mundan başga-da, dükanda satuw tekjeleriniň haryt dürlüligi «Gala», «Ýeňiş», «Bedew», «ADT» we beýleki köp sanly içerki kärhanalaryň täze önümleri baýlaşdyryldy.