Turkmenportal logo
04.12.22
2098920989
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DÇ-2022: Fransiýa Polşany ýeňip, çärýek finala çykdy
Photo: Getty Images

Fransiýanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Polşany 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Al Tumama» stadionynda geçirilen oýunda fransuzlaryň düzüminde Žiru (44) we Kliýan Mbappe (74, 90+1) tapawutlanmagy başardylar. Polşanyň jogal topy 90+9-njy minutda penaltini dürs ýerine ýetiren Robert Lewandowskiniň adyna ýazyldy.


Ýeri gelende bellesek, Fransiýanyň düzüminde dubl eden Kliýan Mbappe dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 9-a ýetirdi. Ol 23 ýaşynda mundiallarda 9 gol uran ilkinji oýunçy hökmünde taryha girdi. Oýundaky ilkinji goluň awtory Oliwýe Žiru bolsa Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzümindäki gollarynyň sanyny 52-ä ýetirip, bu ugurda birinji orna geçdi.


Fransiýanyň milli ýygyndysy çärýek finalda Angliýa — Senegal jübütliginiň ýeňijisi bilen duşuşar.


Ozal habar berşimiz ýaly, Niderlandlaryň we Argentinanyň milli ýygyndylary hem çärýek finalda oýnamaga hukuk gazanypdylar.