Turkmenportal logo
28.11.22
95869586
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Merkezi Aziýanyň DIM-leriniň başlyklary Ýaponiýada gepleşikleri geçirerler
Surat: thestandard.com.hk

Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji dekabrda Tokioda saparda bolarlar.


Täjigistanyň habar beriş serişdelerine salgylanýan «Report.az» saýtynyň ýazmagyna görä, duşuşyga Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida gatnaşjakdygy aýdylýar.


Gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri Merkezi Aziýanyň hem-de Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň göz öňünde tutulýan duşuşygyna taýýarlyk görmek barada bolar.


Ýakynda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostluk boýunça parlament deputatlarynyň assosiasiýasy döredildi, oňa ýurdy dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň başlygynyň orunbasary, öňki Premýer-ministr Taro Aso ýolbaşçylyk edýär.


Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň DIM-leriniň başlyklarynyň hemişelik geňeşmeleri 2004-nji ýyldan bäri dowam edýär. Koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler netijesinde gatnaşyklara böwşeňlik düşüpdi, häzir ol täzeden ýola goýulýar.