Turkmenportal logo
18.11.22
2287922879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri Türkmenabatda çykyş etdiler
Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri Türkmenabatda çykyş etdiler

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň Lebap welaýatyna sapary dowam edýär.


Artistler «Bary söýgi hakynda» şowhunly agşamky konsert bilen tomaşaçylary begendirdiler, şeýle hem, çagalar üçin «Super Towşan» atly sahna oýnuny görkezdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.


Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Andro we Sandro» spektakly görkeziler.


A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň Türkmenabatdaky sapary 20-nji noýabra çenli dowam eder.