Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda «Aşgabat» topary öz meýdanynda «Nebitçini» 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.
Şeýlelikde, geçirilen duşuşykdan soň 19 utuk toplan «Aşgabat» altynjy orny eýeleýär. 7 utugy bolan «Nebitçi» ýaryş tertibinde soňky orunda barýar.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary 9-njy noýabrda geçirilip, onda «Merw» – «Altyn asyr», «Şagadam» – «Energetik» hem-de «Köpetdag» – «Ahal» toparlary duşuşarlar.
19-njy tapgyryň duşuşygy:
«Aşgabat» – «Nebitçi» – 3:0
Gollar: 2 Pirmyrat Sultanow, 54, 80 Merdan Muhadow.
Duýduryşlar: 45 Pirmyrat Sultanow – 34 Röwşen Begjanow, 76 Magtymberdi Berenow.
Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b
Toparlar
O
Ý
D
U
T
U
1.
«Ahal» FK
18
15
3
0
62-13
48
2.
«Altyn asyr» FK
18
12
5
1
30-9
41
3.
«Merw» FK
18
9
2
7
27-24
29
4.
«Köpetdag» FK
18
9
1
8
31-29
28
5.
«Şagadam» FK
18
6
4
8
29-29
22
6.
«Aşgabat» FK
19
6
1
12
22-29
19
7.
«Energetik» FK
18
4
3
11
12-38
15
8.
«Nebitçi» FK
19
2
1
16
22-64
7