GDA ýurtlaryndan 1 million tonna kömri Türkmenistanyň Sarahs demir ýol geçelgesi arkaly Eýrana üstaşyr daşamak barada şertnama baglaşyldy diýip, ýekşenbe güni Horasan Rezawi welaýatynyň Sarahs gümrük müdirliginiň başlygy Ali Akbar Kiani mälim etdi.
— Eýranyň we Sarahs demir ýol geçelgesiniň üstünden geçmeli kömrüň aglaba bölegi Gazagystana degişlidir, emma bu şertnama GDA-nyň Russiýa ýaly beýleki ýurtlary hem girýär — diýip, Ali Akbar Kiani belledi.
Onuň aýtmagyna görä, birnäçe kömürli wagondan ybarat bolan bir tapgyr Sarahs demir ýol geçelgesinden eýýäm geçipdir we häzirki wagtda şertnamany ýerine ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Kiani geljekde bu demir ýol geçelgesiniň üsti bilen uly bir tapgyryň üstaşyr geçiriljekdigi barada habar berdi.
Kiani Hindistany, Gazagystany we Pakistany kömür eksportynyň esasy ugurlary hökmünde görkezdi.
«Kömür Eýrana gelenden soň ýurduň günorta-günbataryndaky gury ýer serhetleri arkaly Pakistana getirilýär we gämä ýüklenenden soň günorta portlar arkaly Hindistana äkidilýär» diýip, Horasan Rezawi welaýatynyň Sarahs gümrük müdirliginiň başlygy belledi.