Turkmenportal logo
30.10.22
1914219142
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Merw» öz meýdanynda «Aşgabady» ýeňdi

Marynyň «Merw» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynda «Aşgabady» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirildi.


Mary şäherine wekilçilik edýän toparyň gollarynyň ikisini hem Alibek Abdurahmanow (12-nji we 22-nji minutlarda) geçirdi. «Aşgabatdan» bolsa Merdan Muhadow tapawutlandy.


Bu ýeňişden soňra utugyny 26-a çykaran «Merw» dördünji orundaky ýerini gorady. «Aşgabat» bolsa 16 utuk bilen altynjy orunda galdy.


«Merw» 4-nji noýabr güni myhmançylykda «Nebitçi» bilen duşuşar. «Aşgabat» bolsa şol günüň ertirligi «Energetigiň» myhmany bolar.