Turkmenportal logo
22.10.22
3042230422
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Boris Jonson Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaş etmekçi
Boris Jonson Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaş etmekçiSurat: crimea.ria.ru

Beýik Britaniýanyň iş başyndan gitmekçidigini yglan eden Premýer-ministri Liz Trassdan öňki hökümet başlygy Boris Jonson bu wezipä saýlawlara gatnaşmakçydygyny habar berdi diýip, «The Times» gazeti ýazdy.


Liz Trass öz işini täze Premýer-ministr saýlanýança dowam etmekçidigini habar beripdi. Ol Birleşen Patyşalykda ýiti ykdysady krizis döränden soňra işden gitmek barada netijä geldi, ýagny ýurtda gysga wagtyň dowamynda milli pul bolan funt sterlingiň hümmeti pese gaçdy we paýnamalar bazary düýpli kynçylyga uçrady diýip, «MIR 24» habar berýär.