Turkmenportal logo
16.10.22
2004020040
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Geçen hepde TDHÇMB-de geleşikleriň jemi bahasy 18 million dollara golaý boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy diýip, şu günki «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtoulag benzinini, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa jins matasyny, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar.


Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 18 million dollaryna golaý boldy.


Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri manat serişdelerine bahasy 7 million 150 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.