Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Golestan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Seýed Mohammad Dahnawy bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky döwletara gatnaşyklary özara deň hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan hyzmatdaşlygyň esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň — Balkan welaýatynyň we Golestan welaýatynyň arasyndaky gatnaşyklaryny ilerletmek meselesi boýunça maslahatlaşyldy. Bu ugurda iki döwletiň degişli welaýatlarynyň arasynda söw

