Turkmenportal logo
14.10.22
3137031370
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi Howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk boýunça Berlin maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow 11-12-nji oktýabrda geçirilen Howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk boýunça 4-nji Berlin maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.


Bu forum «Klimat-çaknyşyk-krizisleriň çaknyşygy: töwekgelçilikleri ýeňip geçmek» şygary astynda geçirildi.


Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan howanyň üýtgemeginiň ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýetirýän täsiri, onuň syýasy, harby we epidemiologik meseleleri bilen gatnaşygyny, şeýle hem arassa energiýa geçmek, azyk howpsuzlygy we suw gorlaryny tygşytly ulanmak bilen baglanyşykly kynçylyklary we töwekgelçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem mowzuklaýyn kiçi mejlisleriň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasynda geljekde täze taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça pikir alşyldy.