Turkmenportal logo
11.10.22
2329523295
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2022-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň karz edaralary umumy girdejisini 8,4% ýokarlandyrdy

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryndaky umumy girdejisi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4% ýokarlandy. Bu barada Merkezi Bankyň başlygy Toýly Mälikow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berdi.


Mälikowyň belleýşi ýaly, şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy 9,2% ýokary. Şol sanda milli manatda berlen karzlaryň galyndysy 16,7% ýokarlandy.


Umuman alanyňda, karzlar boýunça görkezijiler ähli ugurlarda ýokarlandy. Mysal üçin, ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 34,3%, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine berlen karzlaryň galyndysy - 3,1%, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň galyndysy - 1,9 esse, raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 7,5% ýokarlandy.


Şeýle hem häzirki wagtda maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin senagat we obasenagat toplumlaryna karzlary bermek boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi