Turkmenportal logo
08.10.22
3076130761
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat şäher häkimligi Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky eskalatorlary täzelär

Aşgabat şäher häkimligi şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 28 sany eskalatory aýryp, täzesini goýmak üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik türkmen metbugatynda çap edildi.


Bäsleşik 2022-nji ýylyň 4-nji noýabrynda geçirilýär.


Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy.


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 92-56-24